Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de daşary ýurt walýutasyna 27 million dollarlyk 16 geleşik baglaşyldy

22:1510.10.2021
0
4089

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň hem-de beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşyda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewürlerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 317 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 49 müň dollaryndan gowrak bolan portland sementi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň