Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň hünärmenleri üçin 2 sany ýaşaýyş jaýy guruldy

16:1010.10.2021
0
14965

Ozal habar berşimiz ýaly, 9-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň Dolandyryş merkezindäki täze ýaşaýyş jaý toplumynda 17 sany köp gatly jaýyň hem-de 70 sany kottejiň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berlipdi. Jeyhun.news-yň habar bermegine görä, 17 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň hünärmenleri üçin niýetlenendir.

Bu iki jaý ýeňillikli bank karzlarynyň esasynda bina edildi. Beýleki 15 sany jaý bolsa müşderileriň paýynyň hasabyna guruldy.

Täze jaýlaryň açarlary howa menziliniň 64 sany hünärmenine gowşuryldy. Çeşmede bellenilişine laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý toplumy Halkara howa menzilinden uzak bolmadyk ýerde bina edilipdir. Bu bolsa täze jaý alan hünärmenleriň işlerine golaý ýerden gatnamagy üçin amatlylygy döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň