Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara olimpiýadasynda 3 sany baýrakly orny eýeledi

21:4909.10.2021
0
15299

Türkmen talyplary maliýe howpsuzlygy boýunça geçirilen Halkara olimpiýadanyň jemleýji tapgyryna çykyp, 3 sany baýrakly orunlaryň eýesi boldular. Bu habary “Туркменистан: Золотой век” internet saýty ýetirýär.

Bäsleşikde tapawutlanan talyplardan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden “Ykdysadyýet, maliýe we karz, ykdysady howpsuzlyk” ugry boýunça Aýmaral Ýazmyradowa we “Hukuk” ugrunda Döwlet Gurbanow üstünlikli çykyş edip baýrak aldy. Şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Çary Rahmanow degişli ugur boýunça baýrakly orna mynasyp boldy.

Çeşmede bellenilişine görä, “Hukuk” ugry boýunça tapawutlanan 9 baýrakçylaryň 2-si türkmen talyplarydyr. Umumylykda bolsa olimpiýada ýurduň 7 ýokary okuw mekdebinden talyplar onlaýn aragatnaşykda gatnaşdylar.

Halkara maliýe howpsuzlygy olimpiýadasy ilkinji gezek Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň howandarlygynda guraldy. Öň bolsa bu barada türkmen talyplarynyň Halkara olimpiýadasyna gatnaşýandygy habar berlipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň