Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arzuw haly» dükany eýran we türk halylaryna arzanladyş yglan edýär

13:5809.10.2021
0
7987

Döwrebaplygy, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýan owadan türkmen, eýran we türk halylaryny alyjylara amatly bahadan hödürleýän «Arzuw haly» dükany Aşgabatda, Maryda we Lebapda hereket edýän dükanlarynda alyjylara hödürlenýän eýran we türk halylaryna arzanladyş yglan edýär.

2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan «Arzuw haly» dükany geçen ýyllaryň dowamynda alyjylaryň göwnüni göterýän owadan ýüň we ýüpek halylaryň dürli görnüşlerini hödürläp gelýär. Haly dükanlarynda myhman otagy, ýatylýan otag, çagalar üçin niýetlenilen otag hem-de aşhana üçin dürli görnüşdäki we ölçegdäki halylar, şeýle-de halydan dokalan namazlyklar we bezeg önümleri bar.

Haly dükanynyň Aşgabat şäherindäki dükany G.Kulyýew köçesiniň ugrundaky «Beýik bina» söwda toplumynyň birinji gatynda, Mary welaýatyndaky dükany Mary şäheriniň Aýlaw ýolunda (Obýezd), Lebap welaýatyndaky dükany Türkmenabat şäheriniň Azatlyk köçesiniň 3-nji kwartalynda, ýagny «Saraý» söwda toplumynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň