Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Kisida Fumio Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Döwlet baştutany Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla ediljekdigine berk ynam bildirdi.
Hatyň soňunda Berdimuhamedow jenap Kisida Fumio berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de ýurduň rowaçlygynyň bähbidine bu ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.