Arhiw

Berdimuhamedow Özbegistandaky türkmenler bilen duşuşdy

19:5505.10.2021
0
7961

Daşkent şäherinde geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinden soň, türkmen wekiliýetiniň sapary mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy boldy. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.

Dabara iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet hem-de sungat ussatlary, şeýle-de Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar. Dabara gatnaşan Özbegistanda ýaşaýan türkmenler özbek döwletiniň ösüşine we dogan halklaryň arasyndaky köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar, olaryň köpüsi ýokary döwlet baýraklaryna eýe boldular.

Dabaranyň dowamynda bileleikde ýadygärlik surata düşüldi. Türkmen we özbek halklarynyň dostlugyny wasp edýän milli aýdymlardyr sazlar ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň