Arhiw

Berdimuhamedow Daşkende bardy

19:2704.10.2021
0
4616
Berdimuhamedow Daşkende bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine bardy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy resmi saýtynda habar berýär.

Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen Daşkent şäherindäki Garaşsyzlyk meýdanyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Türkmen Liderine meýdanynyň ähmiýeti barada maglumat berildi.

Saparyň esasy wakalary 5-nji oktýabrda bolar. Kuksaroý kabulhanasynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň barşynda ilkinji nobatda söwda, ulag we üstaşyr, energetika, senagat, oba hojalygy we suw dolandyryşy boýunça hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary halkara syýasatynyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşarlar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň