Türkmen telekeçileri «Bärde Biz» işewürlik žurnalynyň üçünji neşirine gatnaşmaga çagyrylýar

16:4204.10.2021
0
7766

«Bärde Biz» işewürlik žurnaly – Türkmenistanda öňdebaryjy işewürlik neşirleriň biridir. Bu neşiriň taslamasyna geçen ýylyň sentýabr aýynda başlandy we şondan bäri hem işewürlik žurnalynyň iki sany üstünlikli neşir edilip halk köpçüligine hödürlendi.

Häzirki wagtda «Bärde Biz» işewürlik žurnalynyň üçünji sanyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ony indiki ýylyň ýanwar aýynda neşir etmeklik meýilleşdirilýär.

Türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri baradaky gyzykly maglumatlara baý bolan «Bärde Biz» işewürlik žurnaly – işiňizi mahabatlandyrmagyň özboluşly bir üýtgeşik usulydyr. Çünki, bu işewürlik žurnaly alyp barýan işiňizi ýokary derejede guramaga, şeýle-de türkmen bazarynda gazanan abraýyňyzy berkitmäge, önümleriňiziň has ýokary derejede ykrar edilmegine ýardam eder.

«Bärde Biz» işewürlik žurnaly 10 000 nusgada çap edilýär. Bu žurnal Türkmenistanyň ähli ýerlerine muzdsuz paýlanýar. Ol «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gämileriniň ýolagçylaryna hem elýeterli edilen. Ýolagçylar bu ýerde «Bärde Biz» işewürlik žurnalynyň üsti bilen, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň önümleri we täze hyzmatlary barada tanşyp bilýärler. Mundan başga-da işewürlik žurnaly ýurdumyzyň islendik poçta bölümlerinde hem elýeterlidir.

Siz Işewürlik žurnalynyň üsti bilen türkmen telekeçileri tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar we öndürilen önümler, dükanlar, restoranlar, kafeler, dermanhanalar, gözellik salonlary, sport merkezleri, türgenleşik zallary we başgalar barada giňişleýin maglumat tapyp bilersiňiz.

«Bärde Biz» işewürlik žurnaly @akbiabek, @maraldezio,@aynulya2707, @nazirita_habibowa, @myratmolla, @maxim_kadyrov, @bossan_concept ýaly instagram sahypalarynyň üsti bilen meşhur türkmen bloggerleri tarapyndan hem mahabatlandyrylýar.

«Bärde Biz» işewürlik žurnalynyň üçünji sanyna goşulmak isleýän telekeçileriň arzalary noýabr aýynyň ahyryna çenli kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň