Federal saýlaw Geňeşiniň deslapky çap eden netijenamalary boýunça Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy ýurduň Bundestagyna geçen saýlawlarda üstün çykdy, partiýa sesleriň 25,7 göterimini gazan
Saýlawlarda häzirki kansler Angela Merkeliň syýasy topary sesleriň 24,1 göterimini toplady, bu onuň partiýasynyň taryhynda iň pes görkezijidir diýip, nemes habar beriş serişdeleri ýazýar. Şunlukda saýlawlarda “Ýaşyllar” partiýasy 14,8, “Germaniýanyň azat demokratik partiýasy” 11,5 we “Germaniýa üçin alternatiwa” partiýasy 10,3 göterim ses toplady. “Çepçiler” bary-ýogy 4,9 göterim gazandylar.
Deslapky netijeler babatda Germaniýanyň ZDF ýaýlymynyň pikir soralyşygy esasynda saýlawlarda sosial-demokratlar üstün çykdy diýip çaklanylýar.
Şunlukda Sosial-demokratlar Bundestagda Hristian-demokratlaryň we Hristian-sosial bileleşiginiň toparyndan 10 orny köp aldy.
Täze Mejlisde 735 deputat işlär. Olardan GSDP— 206, HD/HSB— 196, “Ýaşyllar”— 118, GADP— 92, “Germaniýa üçin alternatiwa”— 83 we “Çepçiler” 39 orun aldy.
Germaniýada Parlament saýlawlary ýekşenbede geçirildi, Angela Merkel bu saýlawlara dalaşgärlik etmedi, ol ýurduň kansleri wezipesini 16 ýyl dolandyryp, iş başyndan gitmekçidigini resmi habar berdi.