Soňky habarlar

Arhiw

Putin Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Berdimuhamedowy gutlady

12:0027.09.2021
0
3292
Putin Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Berdimuhamedowy gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady.

Russiýanyň Prezidentinden gelen Gutlag hatynda şeýle sözler bar:

«Onuň Alyhezreti
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Siziň ýurduňyz ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Syýasy gatnaşyklar, dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlyk hem-de GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň tutuş toplumynyň has-da ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň