Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalar üçin täze ýeňillikler dörediler

17:4026.09.2021
0
11581

Bular barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda öz tekliplerini öňe sürdi.

Milletiň Lideri «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalary girizmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýle hem çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam eder.

Biz bu ugurdaky işleri dowam ederis we geljek ýylda hem zähmet haklarynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrarys diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň