Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy

16:1726.09.2021
0
9657

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen döredijilik işgärleriniň uly topary edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildi. Olaryň sanawyny we mynasyp bolan baýraklaryny habarymyzda ýerleşdirýäris:

Iň gowy goşgular we poemalar üçin:

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Hanmämmedowna Gurbanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Täze oba» žurnalynyň Mary welaýaty boýunça öz habarçysy Muhammetjuma Hydyrowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ulaglardaky polisiýa müdirliginiň Mary stansiýasyndaky ulaglardaky polisiýa bölüminiň jemgyýetçilik howpsuzlyk bölümçesiniň poliseýi Şageldi Begmyradowiç Salyhowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň Derýalyk obasynyň ýaşaýjysy Guwanç Dädebaýewiç Saparowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy makalalar we oçerkler üçin:

Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ahmet Rejepowiç Annaberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Allanur Altymyratowiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Aýna Gurbangulyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň menejment we innowasiýa tehnologiýalary kafedrasynyň öwreniji mugallymy Esen Myradowiç Hojagulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniń ekerançylyk kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Hojamyrat Işankulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Nesil» gazetiniň bölüm redaktory Ogulbeg Jumaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň ikinji sekretary Feride Kurbanbaýewna Muradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy — kafedranyň müdiriniň orunbasary Ýagşymyrat Ataýewiç Nuryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany Gülälek Öwezgulyýewna Orazowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar üçin:

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan: hepdäniň wakalary» habarlar bölüminiň türkmen dilinde terjimeçisi Gylyçmyrat Gurbanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Nesil» gazetiniň bölüm müdiri Enejan Babajanowna Annadurdyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýat adwokatlar kollegiýasynyň agzasy Durdymyrat Atajanowiç Gazakowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri üçin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň umumy bölüminiň redaktirlemek we terjime bölümçesiniň esasy hünärmeni Hojamuhammet Kakalyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň başlygy Mahmut Orazgeldiýewiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň kompýuter operatory (suratçy dizaýner) Aleksandr Andreýewiç Gluhowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy teleradio gepleşikler toplumy üçin:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň «Miras» radioýaýlymynyň şahandaz milli türkmen bölüminiň jogapkär kätibi Dürsoltan Baýmyradowna Annamyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň baş redaktory Annabaýram Setdarowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Gülbibi Daňatarowna Çaryýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň tolkuna goýberiş bölüminiň režissýory Baýram Orazmuhammedowiç Garlyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň teleoperatory Ramazan Törekulyýewiç Hakimowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Merdan Baýrammuhammedowiç Hallabowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň şekilli aýdymlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Baýrammyrat Hanmämmedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gepleşikleri utgaşdyryjy bölüminiň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy Gülşirin Kakaýewna Hanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň şekilli aýdymlar bölüminiň müdiri Arslan Bazarowiç Imamgulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň teleoperatory Döwletgeldi Ataýewiç Kakaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň şekilli aýdymlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ýakupgeldi Gurbannyýazowiç Kasymowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» habarlar bölüminiň teleoperatorlar toparynyň ýolbaşçysy Çarymuhammet Amangeldiýewiç Öwezowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň režissýorlar, suratçylar we beýleki işgärler toparynyň ýolbaşçysy Guwanç Hudagulyýewiç Söýünowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň habarlar bölüminiň jogapkär kätibi Annadurdy Serdarowiç Täşliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 2-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň şekilli aýdymlar bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Akmyrat Gurbanmyradowiç Ýagmyrowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat teleradio studiýasynyň režissýory Yhlasmyrat Amanmyradowiç Abakowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Gurban Orazgulyýewiç Gurbanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Aýnabat Agadjanowna Annagurbanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mary welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Nowruz Güýjowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ogulnur Arazdurdyýewna Annaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň artisti Altyn Ýazgulyýewna Berdiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Gülälek Aşyrgeldiýewna Çopanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Şamuhammedowna Geldiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri Annadurdy Hojahmedowiç Jyrykowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň artisti Dünýä Söýünowna Myradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny (topar ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Nurberdi Altyýewiç Hojaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik toparyny (baş ýolbaşçysy Ata Pigambargulyýewiç Gullarow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary Çaryýar Nurmyradowiç Annamyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça drama artisti Nargiza Kadyrberdiýewna Halykowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti Andreý Igorewiç Pawlowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Sapardurdy Şihmuradowiç Annaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy tans, halk döredijiligi we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary üçin:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet tans toparyny (baş baletmeýsteri Didar Bäşimowiç Agaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans ansamblyny (baş baletmeýsteri Maral Öwezgeldiýewna Aşyralyýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparyny (çeper ýolbaşçysy Allaberdi Tagandurdyýewiç Nazarow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz, folklor toparyny (çeper ýolbaşçysy Maýsagül Gylyçmyradowna Eminowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkezini (çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanmyradowna Gurbanowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor-tans toparyny (ýolbaşçysy Merdan Myratgulyýewiç Abaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestrini (baş dirižýory Nurygandym Hojamuhammedow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Çagalar we ýetginjekler üçin Türkmen halkara saz merkeziniň «Mukam» skripkaçylar toparyny (çeper ýolbaşçysy Garold Isaakowiç Neýmark) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik folklor tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Göwher Jumadurdyýewna Rejepowa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň çagalar tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Aýnagözel Rejepgulyýewna Annagulyýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň birleşen «Dessan» folklor-tans toparyny (çeper ýolbaşçysy Şageldi Begliýewiç Kuliýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Kerki etrap medeniýet bölüminiň folklor toparyny (çeper ýolbaşçysy Ogulkeýik Orazjumaýewna Penjiýewa) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Mary şäher «Margiana» medeniýet köşgüniň «Margiana» çagalar tans toparyny (baletmeýsteri Arslan Muhammetamanowiç Begnazarow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň harby gullukçysy Begmyrat Ýomudowiç Işankulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň 1-nji derejeli artisti Jemal Nurmyradowna Berdiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Energohyzmat» birleşiginiň «Serpaý» folklor-etnografiýa studiýasynyň ýokary derejeli artisti Dilber Gurbanmyradowna Galhanowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň ýokary derejeli tansçysy Mahym Dörtgulyýewna Gulmammedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň ýokary derejeli tansçysy Ýolaman Poladowiç Taşliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň ýokary derejeli balet-artisti Merjen Baýramberdyýewna Nurmuhammedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň klubunyň müdiri Merdan Toýlyýewiç Amangylyjowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans ansamblynyň 1-nji derejeli balet artisti Bahar Çaryýarowna Annaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti Goçmyrat Orazgeldiýewiç Atajykowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Serdar Ezizgulyýewiç Baýramowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Begençmyrat Amanmyradowiç Çaryýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasynyň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň artisti Sapargeldi Gandymowiç Çyryşlyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylar toparynyň artisti-wokalisti Rasim Sahatgeldiýewiç Geldiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Göwher Döwletmämmedowna Hojimyradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Mähri Kerimowna Maksudowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5-nji ýyl talyby Begler Kakamyradowiç Nurberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby Ybraýym Rahymberdiýewiç Selimowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Bekmuradowna Seýitkulyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Gurban Durdy geňeşligindäki oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Tirkiş Amangeldiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Mylly Täçmyradow adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Ýegenmyrat Ýagmyrowiç Ýegenowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Bereket şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Aly Täçgulyýewiç Alyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň «Owaz» halk tans toparynyň sazandasy Töpegül Wepadurdy gyzy Baýramdurdyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Serdar etrap medeniýet merkeziniň sazandasy Rüstem Röwşenowiç Hallyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Begdurdy Amannazarowiç Çerkezowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap medeniýet merkeziniň sazandasy Myrat Ýollyýewiç Durdyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Gülälek Nazargeldiýewna Şirowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Abdykerim Kulumowiç Ilmatowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Mary şäher «Margiana» medeniýet köşgüniň akkompaniatory Rahym Agajanowiç Gurbanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Şordepe geňeşligindäki Meýletinlik oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Batyr Şamuhammedowiç Muhammedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin:

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň sazandasy Gyşgeldi Agajanowiç Agajanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Türkmenistan» kinokonsert merkeziniň konsert alyp barýan diktory Berdimyrat Daňatarowiç Ataberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli orkestriň sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Altyn asyr» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Hakberdi Allamyradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Altyn asyr» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Baýram Amangeldiýewiç Işankulyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Merdan Şanazarowiç Işanowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýokary derejeli artisti-solisti, instrumentalisti Aşyr Jangeldyýewiç Weliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Laçyn Hudaýarowna Hudaýberdiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Ýazberdi Gurbannepesowiç Hydyrowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Döwletmämmet Azady ogly Ökdirowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Nurnepes Muhammetdurdyýewiç Muhammedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy aýdym-saz eserleri üçin:

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet horunyň baş konsertmeýstri Merdan Bagybekowiç Ataýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň halk döredijiligi bölüminiň ses operatory Muslim Huseýinowiç Gulamowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Maýsa Baýramdurdyýewna Mämmetjumaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynyň bölüm müdiri Begenç Italmazowiç Saparlyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy Bäjikguly Meretberdiýewiç Gurbanberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede guramak üçin:

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Sähragül Mollaataýewna Janmämmedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň konsert bölüminiň baş administratory Zybagözel Orazmyradowna Muhammedowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň ses, yşyk, bezeg we tehniki enjamlar bölüminiň müdiri Mekan Resulowiç Nepesowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýat Medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Myrat Meredowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkeziniň baletmeýsteri Serdar Geldimyradowiç Allaýarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Ödenýazowiç Nobatowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň häkimligini (häkimligiň medeni-durmuş ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Nury Nurýagdyýewiç Nuryýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Balkan welaýatynyň häkimligini (häkimligiň medeni-durmuş ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Ýagmyr Orazmyradowiç Güjiýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň häkimligini (häkimligiň medeni-durmuş ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Şöhrat Mämetýarowiç Töräýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň häkimligini (häkimligiň medeni-durmuş ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Eziz Nurmuhammedowiç Ataballyýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri üçin:

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Gurbandurdyýewiç Ataballyýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Gammar Bäşimgeldiýewiç Azalowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Gulara Ereşowna Babaýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby Maksat Döwletowiç Bazarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Arslan Gurbanberdiýewiç Bäbekowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Hojanazarowiç Muhadowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Ogulgerek Muhammedowna Myradowany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Şazada Kakageldiýewiç Orazberdiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň çeperçilik-dikeldiş we rejeleýiş işleri bölüminiň rejeleýjisi Geldimyrat Annaberdiýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

«Aşgabat» gazetiniň fotohabarçysy Arslan Hezretgulyýewiç Mullikowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat howa menzili» gümrük nokadynyň kiçi gözegçisi Kerim Döwletowiç Baýgeldiýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, külalçy, küýzegär Bahtiýar Reýimbaýewiç Hodžaniýazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Azat Gurbanýazowiç Myradowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Şorgala geňeşliginiň Şorgala obasynyň ýaşaýjysy, hususy telekeçi Kakamyrat Annaniýazowiç Harazowy Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç şäheriniň ýaşaýjysy, dutar ussasy Baýramguly Owliýagulyýewiç Jumaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Mülkýazy geňeşliginiň Mülkýazy obasynyň ýaşaýjysy, agarçäkmen taýýarlaýjy Aknabat Towyýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat,

Aşgabat şäheriniň häkimligini (häkimligiň medeni-durmuş ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiri Ata Allanurowiç Welmyradow) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Daşoguz welaýatynyň häkimligini (häkimligiň medeni-durmuş ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Kakageldi Hydyrbaýewiç Kakaýew) 10 500 (on müň bäş ýüz) manat,

Iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler üçin:

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň «Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna» atly boýy 4,14, ini 4,18 metrlik şekilli halyny dokan toparyny (9 adam, ýolbaşçysy Tyllagözel Ataýewna Berdiýewa) 6 300 (alty müň üç ýüz) manat,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň Täzeýol oba medeniýet öýüniň hyzmat ediş işgäri, keçe önümlerini taýýarlaýjy Annanabat Agageldiýewany Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3 500 (üç müň bäş ýüz) manat.

Belllik: Türkmenistanyň Merkezi banky Kararyň birinji böleginde görkezilen baýraklar üçin jemi 653 800 (alty ýüz elli üç müň sekiz ýüz) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan töledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň