Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan täze kitaby çapdan çykdy

23:1425.09.2021
0
12591

25-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda türkmen Lideri ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitaby üç dilde — türkmençe, iňlisçe, rusça bolup, onda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri barada pikir ýöredilýär. Ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler we alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar, statistik görkezijiler kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň