Arhiw

"Paýhas Merkezi" hojalyk jemgyýeti ilata hyzmatlaryň täze toplumyny hödürleýär

16:2125.09.2021
0
878
"Paýhas Merkezi" hojalyk jemgyýeti ilata hyzmatlaryň täze toplumyny hödürleýär

"Paýhas Merkezi" hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň senagat taýdan has-da ösdürilmegine goşant goşmak, Türkmenistandaky önümçilik kärhanalaryna ýokary hilli inženerçilik tehniki hyzmatlaryň elýeterliligini we amatlylygyny döretmek maksady bilen 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ilata hödürleýän hyzmatlaryna täzelikleri girizdi.

Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga tehniki goldaw bermek, mikrokontrollerlarda, PLC kontrollerlarda awtomatizasiýa çözgütlerini ýerine ýetirmek, senagat enjamlaryny gurnamak we goýbermek-sazlamak işleri bilen meşgullanýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýeti tarapyndan enjamlary ýygnamak, olary işleýän görnüşinde gurnamak, önümçiligi hadysasyz we howpsuz işe başlatmak hem-de ony ulanyşa girizmek, inženerçilik ulgamlara we enjamlara tehniki hyzmatlary bermek, önümçilik desgalaryndaky döwülmeleriň öňüni almak, hatardan çykan enjamlara bejergi işlerini amala aşyrmak ýaly işleriň görnüşleri ýerine ýetirilýär.

"Paýhas Merkezi" hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri önümçiligi awtomatlaşdyrmak üçin enjamyň öz içinde oturdylan gurallary we elektronikany işläp taýýarlamak, IT ugry boýunça tor we serwer infrastrukturalaryny gurmak we olara hyzmat etmek işlerini hem amala aşyrýarlar. Şeýle hem hojalyk jemgyýetiniň hyzmatlary ammarlaşdyrmak we söwda işini awtomatlaşdyrmak, ammar we söwda binalaryny ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak boýunça taýýar çözgütler, programma üpjünçiligini "doly taýýar edip tabşyrmak" şerti bilen işläp taýýarlamak boýunça hem hyzmatlary bar.

"Paýhas Merkezi" hojalyk jemgyýeti, gelejege ynamly garaýan, hemişe ösmäge tarap ymtylýan bir hyzmat kärhanasy bolmak bilen bir hatarda, döwrebap innowasion ösüş strategiýalary boýunça senagat hyzmatlaryny amala aşyrýan bir kompaniýadyr.

"Ýakyn döwür üçin maksatlarymyz – müşderilerimiziň senagat hyzmatlary babatynda islendik ýüztutmalaryny kanagatlandyrmak we müşderilerimiziň mätäçliklerine has güýçli eserdeň çemeleşmekden hem-de dogry çözgütler elde etmekden ybaratdyr. Berilýän hyzmatlaryň hiliniň has-da gowulandyrylmagy üçin hemişe önümçilik proseslerine we işgärler goruna üznüksiz maýa goýumlarynyň sarp edilmegi biziň aýratynlygymyzdan bir nyşandyr", diýip, kärhananyň hünärmenleri nygtaýarlar.

Bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlar ýokary hil derejesinde bolup, olar meýilleşdirilen taslama boýunça alnyp barylýar. Şeýle hem bu ýerde inžener ulgamy boýunça ýokary hünär derejeli hünärmenleriň ençemesi zähmet çekip, olar işiň aýratynlyklaryna görä toplumlaýyn çözgütli hyzmatlary amala aşyrýarlar. Hödürlenilýän hyzmatlaryň başlangyjynda gözden geçirmek we ilkinji maslahatlar tapgyry geçilýär. Şunda maslahatlar tölegsiz esasda amala aşyrylýar.

Kärhana Türkmenistanda hususyýetçileriň has-da ösmegi üçin toplumlaýyn goldaw berýän senagat we IT hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça öňdebaryjy kompaniýa bolmagy wezipe edinip, gelejekde "Paýhas Merkezi" hojalyk jemgyýeti has uly taslamalary ýerine ýetirmegi we Informasion Tehnologiýalary nukdaýnazaryndan işewürligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi meýilleşdirýär.

"Paýhas Merkezi" hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheriniň 2127 (G.Kuliýew) köçesiniň 43-nji jaýynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin: +993(12) 75-46-46; +993(12) 75-35-10; +993(62) 99-12-12.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň