Arhiw

Türkmenistanda 2657 sany raýatlygy bolmadyk adama ýurduň raýatlygy berildi

21:1024.09.2021
0
6059
Türkmenistanda 2657 sany raýatlygy bolmadyk adama ýurduň raýatlygy berildi

Şu gün – 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna we Kararyna laýyklykda, ýurduň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de ýurtda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistan özüniň hemişelik bitaraplyk ýörelgeleri esasynda bosgunlaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri babatynda abraýly halkara guramalary we halkara derejesinde ykrar edilen resminamalar esasynda möhüm hem-de nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Muny soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň sanyna seredenimizde hem aýdyňlyk bilen göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentiň ynsanperwer Permanlary esasynda ýurtda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesi Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan günlerinde 2657 sany raýatlygy bolmadyk adama ýurduň raýatlygynyň berilmegi hem-de 406 daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi asylly ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentiň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändigini äşgär edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň