Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «City Business School» özbegistanly hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli halkara maslahatyny geçirer

19:1024.09.2021
0
3281

Şu ýylyň 4-nji oktýabrynda «Dolandyryş ulgamlarynda pikirlenişiň üýtgemegi: işewürligi durnukly ösdürmek üçin ISO guramasyndan 2021-nji ýylyň standartlary we tejribeleri» atly halkara maslahatyny onlaýn görnüşinde geçiriler.

Ýakynda geçiriljek bu halkara maslahatyny Türkmenistandaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») özbegistanly hyzmatdaşlary bilen bilelikde gurar.

Onlaýn görnüşinde geçiriljek bu halkara maslahaty ISO guramasynyň 2021-nji ýylda telekeçiligi durnukly ösdürmeklige we işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga esaslanýan 8 sany täze halkara ülňülerine we tejribelerine bagyşlanýar:

• ISO 10014:2021 – ISO 9001 maliýe we ykdysady peýdalar;
• ISO 37001 (ISO/UNIDO 2021) – korrupsiýa garşy täze görkezmeler;
• ISO 45001: 2018 + ISO / PAS 45005: 2020 – pandemiýa döwründe işewürlikde saglyk we howpsuzlyk;
• ISO 22000: 2018 (2021) – azyk howpsuzlygy boýunça täze teklipler;
• ISO / PAS 5643: 2021 - Syýahatçylyk we restoran işewürligini dikeltmek;
• ISO 19011: 2018 – Içerki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze görkezmeler.

Halkara maslahatyna gatnaşmaklyk üçin 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan öň şu web sahypa girip, bellige alynmaly.

Oturgyçlaryň sany çäkli.

Halkara maslahaty gutaranyndan soň, diňleýjilere şeýle gymmatly maglumatlara baý giň gerimli halkara maslahatyna gatnaşýandyklaryny tassyklaýan şahadatnamalar berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň