Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur neşirleriň birnäçesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan ýörite sanyny çykardy

13:3323.09.2021
0
6875

Häzirki günlerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistanda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite sanlarynyň neşir edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Dostlukly ýurtlarda çap edilen neşirlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamynda, ylymda, medeniýetde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyşy baradaky makalalar çap edildi.

Mundan başga-da, bu neşirlerde şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy barada giňişleýin maglumat berilýär. Şolarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara forumyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary, ýurdumyzyň oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, energetika we ekologiýa diplomatiýasy baradaky makalalar giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Şeýle hem žurnallaryň sahypalarynda şu ýyl toýlanylan ýene-de bir şanly senä — paýtagtymyz Aşgabadyň maý aýynda bellenip geçilen 140 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirildi. Bu neşirlerde ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary, hususan-da, görnükli syýasatçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, öňdebaryjy metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary türkmen Bitaraplygynyň aýratynlygy, sebitde durnuklylygy saklamakda eýeleýän orny barada gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanyp çykarylan žurnallaryň şu sanlarynyň öňde goýan esasy wezipeleriniň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen, güýçli depginler bilen ösýän döwlet bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň