Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatdaky onlaýn duşuşygyna gatnaşdy

23:3222.09.2021
0
6356

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugynda habar berilýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri «C5+1» sebitleýin diplomatik platformasynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, onuň 2021-nji ýylyň dowamynda owgan meseleleriniň, COVID-19, ykdysady gatnaşyklaryň hem-de howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň utgaşdyrylmagy boýunça derwaýys gepleşikleriň ilerledilmegindäki netijeliligini nygtadylar.

Raşid Meredow bu formatyň çäklerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, bu görnüşdäki gepleşikleriň sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak hem-de olar boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýändigini nygtady.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň işjeň özara hereket etmegi üçin ýörite platformanyň döredilmegi baradaky pikir beýan edildi. Duşuşygyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy göremek ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Ministrler şeýle-de Owganystandaky ýagdaýlaryň oňyn çözülmegine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara isleg bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça bu ýurduň täze hökümeti bilen açyk hem-de özara ylalaşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň derwaýyslygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň