Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň çäklerinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
Türkmen Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryndan belli bolşy ýaly, 20-nji sentýabrda Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň okuw binalarynyň birinde hukuk fakultetinde okaýan 18 ýaşly talyp ýaragly ot açyşlyk gurady. Pajygaly ýagdaý sebäpli 6 adam aradan çykdy we ýene 24 adam ýaralandy diýip, žurnalistleriň habarlarynda bellenilýär. Ejir çekenleri hatyralamak maksady bilen, 21-nji sentýabrda Permde matam güni yglan edildi.