20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» we «Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda» Permanlara gol çekdi.
Permanlara laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, berkarar Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.
Türkmen Lideri wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.