Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Döwlet Dumasyna Türkmenistandaky ses berlişikler tamamlandy

20:0519.09.2021
0
7265

Russiýa Federasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Döwlet Dumasyna Türkmenistandaky saýlaw uçastoklarynda geçirilen ses berişlik tamamlandy.

Russiýanyň Türkmenistandaky raýatlary öz seslerini Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda we Türkmenbaşyda döredilen saýlaw uçastoklarynda berdiler. Ses bermek ýekşenbe güni sagat 8:00-dan 20:00-a çenli (Moskwa wagty bilen 06:00 - 18:00) geçirildi.

Ses berlişige gatnaşyjylar uçastoklara baryp, Russiýanyň raýatlygyny kesgitleýän şahadatnamasyny görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň