Soňky habarlar

Arhiw

Astrahanda Hazar deňziniň şekilindäki çüwdürim açyldy

23:0018.09.2021
0
5325

Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň çäginde Hazar deňziniň şekilindäki çüwdürim açyldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýty habar berýär.

Hazarýaka döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň birleşiginiň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýçgeldi Garaýew hem gatnaşdy.

Hazar deňzi görnüşindäki çüwdürim, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan döwlet uniwersitetleriniň dostlugyny alamatlandyrýar.

1996-njy ýylda gurlan çüwdürim soňky bir ýylyň içinde gaýtadan dikeldildi. Täzelenen çüwdürimiň dizaýn taslamasy uniwersitetiň şäher gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary tarapyndan döredildi. Çüwdürim Gün energiýasy bilen işleýän yşyklandyryş we öz suw guýusy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň