Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“ViacomCBS” kompaniýasy “Paramount Pictures” kinostudiýasyny üýtgedip gurar

18:4414.09.2021
0
792

Amerikanyň ViacomCBS Inc. mediakompaniýasy özüniň garamagyndaky Paramount Pictures kinostudiýasyny Paramount+ striming serwisiniň işini döwrebaplaşdyrmak we gowulandyrmak maksady bilen üýtgedip gurmakçy, bu barada The Wall Street Journal neşiri ýazýar.

Ýagny kompaniýa kinostudiýany iki sany şahamça bölmek isleýär, olar kino we telewideniýe (Paramount Television) şahamçalary bolar.

Gazetiň ýazmagyna görä, Nickelodeon şahamçasynyň başlygy Braýan Robbins kinoönümçilige, Showtime Networks toparynyň başlygy Dewid Newins Paramount Televisiona ýolbaşçylyk eder. Olaryň ikisi hem ViacomCBS kompaniýasynyň baş direktory Robert Bekişe hasabat bererler.

Kompaniýa bu özgertmeleri Paramount+ striming gullugynyň işini ösdürmek maksady bilen amala aşyrmakçy, ol häzirki wagtda meşhur Netflix Inc., Disney+ we HBOMax striming platformalary bilen bäsdeşlik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň