Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentine garaşylýar

17:3513.09.2021
0
8283

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýubileý sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň mfa.tj saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Eýranyň, Hytaýyň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Pakistanyň we Hindistanyň Premýer-ministrleri gatnaşarlar. Şeýle hem gatnaşyjylaryň hatarynda ŞHG-niň Baş sekretary Wladimir Norow, guramanyň terrorçylyga garşy sebitleýin düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň direktory Jumahon Giýosow, BMG-niň Baş sekretary we beýleki iri sebitleýin düzümleriň ýolbaşçylary bar.

Şeýle hem şol gün — 17-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde ŞHG-niň we Toparlaýyn Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy geçiriler. Onuň dowamynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýeri gelende bellesek, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri tarapyndan esaslandyrylan halkara gurama bolup, häzirki wagtda Hindistan we Pakistan hem onuň agzalarydyr. Guramada 2021-nji ýylda Täjigistan başlyklyk edýär we öňde boljak sammitiň netijeleri boýunça Eýranyň ŞHG-ä doly hukukly agza hökmünde girmegi bilen bagly meseläniň çözgüdine seretmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň