Aşgabadyň zähmet bazaryndaky işgär gözleýän merkezler barada paýtagt bilen adybir neşirde ― «Aşgabat» gazetinde maglumat ýerleşdirildi.
Oňa laýyklykda, häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynda boş iş orunlarynyň köp sanlysy bar. Olar akuşer-ginekolog, maşgala lukmanlary, hirurglar, kardiologlar, dietologlar, farmasewtler we şepagat uýalarydyr.
Şeýle hem paýtagtyň edaralary IT hünärmenlerini, iş ýöredijileri, rieltorlary, awtobus we ýeňil awtoulag sürüjilerini gözleýär.
Gurluşyk pudagy boýunça iş alyp barýan edaralara bolsa inženerler, elektrikler, kerpiç örüjiler, suw geçiriş ulgamlarynyň ussalary we beýlekiler gerek.
Şäherde kompýuterleriň operatorlaryna, başlangyç synp mugallymlaryna, rus we iňlis dilleri boýunça mugallymlara we terjimeçilere hem iş bar.
Sanawa hyzmat ulgamynyň hünärmenleri hem goşulýar.