Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň hünär baýramyny gutlady

09:0011.09.2021
0
2594
Türkmenistanyň Prezidenti  gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň hünär baýramyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni mynasybetli Gutlag hatyny ýollady. Onda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň işgärleriniň çekýän yhlasly zähmetine ýokary baha berilýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde döwlet gurluşyk kärhanalary bilen birlikde, telekeçiler hem täze döwrebap obalary, kaşaň myhmanhanalary, medeniýet köşklerini, «Türkmeniň ak öýlerini», döwrebap howa menzillerini we beýleki birnäçe desgalardyr binalary gurmakda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Ussat gurluşykçylarymyzyň bina eden desgalary özleriniň berkligi, hili we binagärlik keşbi boýunça ýokary ölçeglere laýyk gelýärler.

Gutlagda ata Watanymyzyň ösüşine milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagynyň goşýan goşandynyň uludygy nygtalyp, taryh üçin gysga döwürde sekiz sany elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilendigi barada aýdylýar. Jemagat hojalygy işgärleriniň alyp barýan ýadawsyz işleri netijesinde, şäherlerimizdir obalarymyzyň, seýilgählerimiziň, köçelerimiziň we şaýollarymyzyň arassaçylygy göreni haýran edýär, ilata edilýän jemagat hyzmatlarynyň hili hem yzygiderli gowulanýar.

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň işgärleri yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Raýatlarymyzyň müňlerçesi gurluşyk pudagynyň guran täze ýaşaýyş jaýlaryna göçýärler, jaý toýlaryny tutýarlar. Energetika pudagynyň işgärleri hem her bir öýe nur paýlaýarlar. Jemagat hojalygynyň işgärleri bolsa arassaçylyk, bagy-bossanlyk, gülzarlyk döredýärler. Şu hyzmatlaryň bar ýerinde hem ildeşlerimiz bagtyýar ýaşaýarlar — diýip, türkmen Liderini Gutlagyny jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň