«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň fotohabarçysy Hasan Magadow Astrahanda geçirilen Hazar mediaforumyň çäklerindäki «Serhetsiz Hazar» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Ol bäsleşigiň «Hazaryň suratlary» ugry boýunça gatnaşyp ýeňiji boldy.
Şeýle hem bu gazetiň žurnalisti Irina Imamkuliýewa «Jogapkärçilikli ösüş: tebigat, ykdysadyýet we tehnologiýalar» ugry boýunça ýeňiji boldy.
Jemi 5 ugur boýunça geçirilen bäsleşige 61 iş gatnaşdy. Şolaryň 11-si ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň arasynda türkmenistanlylar hem bar.