Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda "Ýaňlan, Diýarym! - 2021" bäsleşiginiň jemleýji konserti boldy

23:0708.09.2021
0
6183

“Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşgünli zehinleriniň gözden geçirilişi Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

“Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji konsertinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen ýaş zehinli aýdymçylaryň joşgunly aýdymlary ýaňlandy. Bäsleşige dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkeziniň amfiteatrynda eziz Diýarymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünliklerini, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän halk we estrada aýdymlary uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýaňlandy. Aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlarynyň döreden, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň aýdymlaryna täze äheň bermäge çalyşdylar.

Konsertiň ahyrynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi we olar döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň