Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» internet dükany Samsung Galaxy Z Flip3 | Fold3 smartfonlaryny öňünden sargyt etmegiň mümkinçiligini ýada salýar

21:5407.09.2021
0
6258

«Gerekli» internet dükany öňünden sargyt edip, «Galaxy Z Flip3» we «Galaxy Z Fold3» smartfonlarynyň täze modellerini satyn almak mümkinçiligini ýada salýar.

Eplenýän smartfonlaryň täze modellerinde giň we amatly ekranlar we gaty disk ýady bar.

Öňünden sargyt etmeklik smartfonyň bahasynyň 20 göterimini öňünden tölemek bilen amala aşyrylýar. Töleg nagt görnüşinde ýa-da bank kartlary arkaly nagt däl görnüşinde amal etmek mümkindir.

Mundan başga-da, smartfon sargyt edenleriň hemmesine sowgat berler: «Galaxy Z Flip3» sargyt edenler «Galaxy Buds Pro» simsiz gulaklyk, «Galaxy Z Fold3» sargyt edenler bolsa «Galaxy Watch Active 4» akylly sagat sowgat alarlar.

«Gerekli» internet dükany köp sanly sarp ediş harytlaryny – iýmit, egin-eşik we aýakgap, wesme (kosmetika), öý goşlary we ş.m. önümleri hödürleýär. Şeýle hem her çarşenbe güni «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynda

«Gerekli gün» aksiýasynyň geçirilýändigini aýratyn bellemelidiris. «Gerekli gün» aksiýasy «Gerekli» internet dükanynda satylýan birnäçe önümi 50 göterime çenli arzanladyş bilen satyn almaga mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň