Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

22:4506.09.2021
0
6986

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Žair Bolsonarua berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň