Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglady

10:4606.09.2021
0
5275

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 4-nji synp okuwçysy Isgender Myratberdiýewiç Rejepow;

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Çeper Begmyradowna Orazmämmedowa;

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Şamämmet Aşyrmämmedowiç Baýrammämmedow;

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Didar Pirjanowiç Sapargeldiýew;

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Gylyç Rozykul ogly Rozykulow;

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Umyt Nurmämedowiç Işangulyýew.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň