Türkmenistanda Argentinanyň täze ilçisi işe başlar

21:3702.09.2021
0
8496

Argentinanyň Hökümeti Eduardo Antonio Suaýny ýurduň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine belledi. Eduardo Suaýn häzirki wagtda Argentinanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolmak bilen, Türkmenistandaky diplomatik wezipesini ýurduň Moskwada ýerleşýän wekilliginden amala aşyrar.

2021-nji ýylyň fewralyndan bäri Argentinanyň Russiýadaky doly ygtyýarly wekili hökmünde zähmet çekýän Eduardo Suaýn şol bir wagtda Aşgabatda hem diplomatik wezipesini dowam etdirer. Ol hukuk hem-de diplomatiýa ugrundan ýokary bilimli bolup, 1999 — 2006-njy ýyllarda Argentinanyň Italiýadaky ilçihanasynda, 2016-2017-nji ýyllarda Paragwaýdaky diplomatik wekilhanasynda işledi. Eduardo Suaýn şeýle hem 2011 — 2015-nji ýyllarda respublikanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi. Russiýada diplomatik wezipä bellenilmezinden ozal, ol Argentinanyň DIM-niň ýanyndaky Diplomatik gulluk institutyna ýolbaşçylyk etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň