Soňky habarlar

Arhiw

Gerekli» onlaýn dükany iň täze Samsung flagmanyny utuş bäsleşigini yglan edýär

15:0626.08.2021
0
10902

«Gerekli» onlaýn dükany mukaddes Watanymyzyň Garasyzlyk güni mynasybetli 27-nji sentýabrda öz abunaçylaryna seýrek duş gelýän çeýe ekranly «Galaxy Z Fold 3» we «Galaxy Z Flip 3» smartfonlaryny utuş bäsleşigine gatnaşmaklyk üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Bäsleşikde birinji ýeri eýelänlere «Galaxy Z Fold 3», ikinji orny eýelän «Galaxy Z Flip 3» gowşurylar. Bu hili görnüşli smartfonlar flagmanyň ajaýyp dizaýn aýratynlyklaryna eýedir.

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Instagram” sosial ulgamyny ulanyjy üç sany ýönekeý ädim ätmeli:

• Öňünden sargyt barada ýazgyny #GalaxyZSeriesGerekli heştegi bilen instagram sahypaňyzda paýlaşmaly;
• @Gereklitm we @samsung.turkmenistan instagram sahypasyna ýazmaly;
• Teswirlerde üç sany hakyky dost bellemeli.

Ýatlatma hökmünde profiller göni we açyk bolmaly. Bäsleşige diňe 18 ýaşdan uly adamlar gatnaşyp biler. «Gerekli» onlaýn dükanynyň işgärleri bu bäsleşige gatnaşyp bilmez.

Bäsleşigiň gutarýan senesi 09/17/2021 bolup, netijeleri 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda yglan ediler, ýeňiji @lizaonair hyzmaty tarapyndan kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň