Şu gün – 25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Geldinyýazow Mämmetmyrady işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Sapardurdy Toýlyýewi belledi. S.Toýlyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesini hem ýerine ýetirer.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.