Türkmenistanyň raýatlary "Milli eşiklerdäki eneler we çagalar" atly Halkara etnofoto bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 1-nji sentýabra çenli Russiýa Federasiýasynyň, GDA ýurtlarynyň we daşary ýurtlaryň halklarynyň milli eşiklerindäki suratlary guramaçylara ibermelidirler. Guramaçylar bäsleşige gatnaşmak üçin ýaş çäklendirmeleriniň ýokdugyny: çagalaryň, ýaşlaryň we uly ýaşly ýaşaýjylaryň gatnaşyp biljekdigini belleýärler.
Emin agzalaryna tanymal dizaýner we binagär Şeker Akynyýazowa wekilçilik edýär. Türkmenistanyň raýatlary arzalaryny göni asheker@mail.ru elektron salgysyna ýa-da www.ethno-photo.com web sahypasyna iberip bilerler.
Suratlar 15-nji sentýabra çenli kabul edilip, olar katalogda rus we iňlis dillerinde ýerleşdiriler.
Eminler topary ähli kabul edilen işlerden 20 sany tapawutlanan işi saýlap alarlar. Olaryň awtorlary 2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Moskwada geçiriljek surat sergisine gatnaşdyrylar we şol ýerde baýragyny almaga mümkiniçilik alarlar.
Bäsleşigiň esasy maksady, yzygiderli globallaşma şertlerinde halklaryň etno-medeni dürlüligini gorap saklamaga we ösdürmäge, şeýle hem maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge ýardam etmekden ybaratdyr.