Türkmenistanyň bäş şäherinde Russiýanyň Döwlet Dumasyna geçiriljek saýlawlar üçin saýlaw uçastoklary dörediler

17:5424.08.2021
0
13363

19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyna geçiriljek saýlawlara Türkmenistanda ýaşaýan rus raýatlarynyň gatnaşmagy üçin Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde saýlaw uçastoklary dörediler– diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda beýan edilişi ýaly, Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky saýlaw uçastoklary ilçihananyň Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky "Rus öýüniň" binasynda we ilçihanasynyň Türkmenbaşydaky Konsullyk merkezinde dörediler. Daşoguzdaky, Türkmenabatdaky we Marydaky saýlaw uçastoklary bu şäherleriň häkimliklerinde ýerleşer. Saýlaw uçastoklary ses bermek üçin 8:00-dan 20:00-a çenli (Moskwa wagty 6:00 – 18:00) açyk bolar.

Ilçihana Russiýanyň Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ähli raýatlarynyň, şeýle hem ses beriş güni 18 ýaşyna ýetenleriň we Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň hakyky pasportyna eýe bolup (diplomatik), ýurtda wagtlaýyn ýaşaýanlaryň hakyky pasporty bolmadyk ýagdaýynda Russiýa Federasiýasyna giriş şahadatnamasy ýa-da SSSR raýatynyň pasporty, 1974-nji ýylda Russiýanyň raýatlygynyň bardygyny görkezýän bellikleriniň bolmalydygyny ýatladýar.

Russiýanyň Merkezi saýlaw gullugynyň habaryna görä, 19-njy sentýabrda geçiriljek Duma saýlawlarynda rus raýatlarynyň daşary ýurtlarda ses bermegi üçin dünýäniň 144 ýurdunda saýlaw uçastoklar döredilip, olaryň jemi 348-e deň bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň