Soňky habarlar

Arhiw

Polina Gurýewanyň tälimçisi Artur Emirýana Toyota Camry awtoulagy sowgat berildi

23:0421.08.2021
0
39003

Ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysynyň esasy halypasy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Artur Emirýan 2021-nji ýylda goýberilen «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglandy. Bu barada degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Artur Emirýana döwlet Baştutanynyň bu gymmatly sowgady Türkmenistanyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalyny gazanan agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň wekili Polina Gurýewanyň sylaglanyş dabarasynda gowşuryldy. Ol «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň elinden aldy.

Ýeri gelende bellesek, türkmen agyr atletikaçylarynyň baş tälimçisi Artur Emirýan diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhur bolan Brono Abramýanyň şägirdidir. Brono Abramýan bolsa ady dünýä belli türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýewiň tälimçisidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň