Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri hem körpelere we mekdep okuwçylaryna göreldeli hyzmat edýärler, diýip «Jeyhun.news» ýazýar.
Kitaphananyň «Ertekiler bizde myhmançylykda» atly giň okalga otagynda türkmen halk ertekilerinden gurjak oýunlary görkezilýär. «Garyp ýigit we baý bilen aždarha», «Adalatly aw paýlaşyk», «Horaz bilen it» ýaly ertekiler çagalarda akýürekliligi, adalatlylygy, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak, türkmen medeniýetine, tebigata söýgi döretmek ýaly duýgulary oýaryp, akylly, edepli, milli ruhda terbiýelemäge uly ýardam berýär. Şeýle-de kitaphanada çagalar küşt, şaşka we akyl ösdüriji oýunlar we surat çekmek ýaly peýdaly işler bilen meşgullanýarlar.