Arhiw

«Gerekli» onlaýn dükanyndaky «Samsung Galaxy Z Flip3 | Fold3» modelleri deslapky sargyt bilen elýeterlidir

12:0713.08.2021
0
8701

«Gerekli» onlaýn dükany «Galaxy Z Flip3 | Fold3» smartfonlarynyň şu aşakdaky täze modelleriniň deslapky sargyt bilen elýeterlidigini habar berýär:

• 256GB-lik «Samsung Galaxy Z Fold3» smartfony;
• 128GB-lik «Samsung Galaxy Z Flip3» smartfony.

Bir ýyl kepillikli bu smartfon modellerinde aşakdaky aýratynlyklar bar:

• uly we amatly daşky ekran;
• S Pen tükeniksiz mümkinçilikleri;
• çydamly eplenýän smartfon. gerekli.com.tm web sahypasy bu smartfonlaryň bahasynyň 20 göterimini öňünden tölemek şerti bilen, deslapdan sargyt etmek üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýär. Tölegi nagt ýa-da bank karty arkaly nagt däl görnüşinde amala aşyryp bolýar.

«Galaxy Z Flip3 | Fold3» smartfonlarynyň täze modellerini öňünden sargyt edenler şu aşakdaky sowgatlary alarlar:

• Flip deslapky sargyt bilen «Galaxy Buds Pro»;
• Fold deslapky sargyt bilen «Galaxy Watch Active 4».

«Galaxy Z Flip3 | Fold3» smartfonlarynyň täze modellerini öňünden sargyt etmek çäresi şu ýylyň 16-njy awgustdan başlaýar.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy 100-den gowrak meşhur markanyň önümleriniň köp görnüşini hödürleýär. Bu internet dükany Aşgabatda eltip berme hyzmatyny 200 manatdan gowrak sargyt üçin mugt ýerine ýetirýär. 200 manatdan az sargyt eden müşderilerden bolsa, eltip berme hyzmaty üçin 20 manat möçberinde töleg alýar.

«Gerekli» onlaýn dükanynda harytlar üçin tölegi nagt ýa-da nagt däl görnüşinde amala aşyrmaklyk mümkindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň