Soňky habarlar

Arhiw

Tokio ― 2020 tomusky Olimpiýa oýunlary tamamlandy

23:2508.08.2021
0
7416

Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi.

Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen ýapylyş dabarasynda Oýunlaryň baýdagy ony indiki kabul etjek şähere ― Pariže gowşuryldy.

Has takygy, HOK-nyň ýolbaşçysy baýdagy Pariž şäheriniň meri Ann Idalgo gowşurdy. Pariž ― 2024 Olimpiýa oýunlary 26-njy iýul ― 11-nji awgust aralygynda geçiriler.

Tokiodaky tomusky Olimpiýa oýunlaryna bolsa Milli Olimpiýa komitetleriniň 205-siniň gatnaşandygyny ýatladýarys. Olaryň wekilleri medallaryň 339 toplumy üçin göreşdi.

Medallaryň sanawynda Türkmenistanyň 77-nji orny eýeländigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň