Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Daşkent» seýilgähi gurlar

10:5808.08.2021
0
37018

Türkmenistan bilen Özbegistanyň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurlar. Gurluşyk meýdançasy hökmünde “Güneş” seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy. Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan “Zehinli iş” hojalyk jemgyýeti bu gurluşygyň hem taslamaçysy, hem-de potratçysydyr. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Potratçy eýýäm desganyň gurluşygyna başlady. Ol ýerde takmynan 30 müň inedördül metr meýdanda pajarlap gök öwüsýän ösümlikli, ajaýyp gülzarlykly we arassa ýodaly landşaft bagy dörediler, şeýle hem özbek paýtagtynyň gözel ýerlerini ýada salýan ýigrimiden gowrak desga gurlar. “Daşkent” seýilgähiniň girelgesinde monumental “Ezgulik” (gowy we asylly islegler) derwezesi gurlar. Daşkentde şunuň ýaly arka bilen “Garaşsyzlyk” meýdanynyň girelgesi bezelipdir.

Merkezi derwezeden başlanýan esasy köçebagynda baş çüwdürim gurlar, ol doganlyk ýurtda gadymdan parahatçylygy we asudalygy aňladýan leglek şekilleriniň üstüni ýetirer. Köçebagyň dowamynda milli görnüşde ýene iki çüwdürim gurlar, köçebagyň ahyrynda bolsa medeni çäreler üçin sahnaly meýdança bolar. Bu desgalar reňbe-reň öwüsýän syrçaly keramika tagtaly dünýä belli Özbek şaý-sepleri we nagyşlary bilen bezeler.

Sekizburçly ýyldyzy emele getirip kesişýän dörtburçluklar şekiline dönen şunuň ýaly geometrik nagyş seýilgähiň köp desgasynda ulanylar. Ol, hususan-da, seýilgähiň esasy köçebagynyň plitalaryny, pyýada ýollaryny, dört sany hüjräniň – myhmanlaryň dynç almagy üçin niýetlenip, oturgyçlardyr sütünleri daşyna aýlanýan tegelek binalaryň gümmezlerini, käseli çäýnegi şekillendirýän ýadygärlikli çüwdürimleri bezär. Ýeri gelende aýtsak, seýilgähiň bu ajaýyp binagärlik ýadygärligi şol bir wagtyň özünde ýüz adama çenli kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň agzynda, şeýle hem restoranyň merkezi böleginde ýerleşdiriler. Bu desganyň aýratynlyklarynyň biri-de diňe bir meşhur özbek tagamlary däl-de, eýsem seýilgähiň merkezi köçebagyna açylýan ajaýyp manzara bolar, bu ýerde özbek paýtagtynyň özboluşly ymaratynyň, ýagny Özbegistanyň binagärçiligi we şäher gurluşygy ýadygärligi bolan telewizion diňiniň “ekiz taýy” gurlar. Gezim zolagy bilen bir wagtda seýilgähde oýun meýdançasy-da dörediler. Gür baglaryň saýasynda kiçi ýaşly çagalar üçin enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy, attraksionlar we synlama çarhy ýerleşer.

Täze dostluk seýilgähiniň özüne çekiji ýerlerinden biri-de birnäçe ýyl ozal Daşkentde açylan Sagdyn durmuş merkeziniň (Babur adyndaky Ekopark) çäkleri bolar. Bu ýerde-de, edil Özbegistanyň paýtagtynda bolşy ýaly, dürli sport meýdançalary we ýodalary ýerleşer. Bu ýerde kiçi futbol, woleýbol, tennis we badminton oýnamak, trenažýorlarda maşk etmek, ylgamak, rolik ýa-da welosiped sürmek bolar. Çagalar üçin depejikler, hiňňildikler, egrem-bugram geçelgeler we ýüp merdiwanlary bolan oýun meýdançalary enjamlaşdyrylar. Şu aýdylanlaryň üstüne “Güneş” seýilgähiniň çäginde öňden bar bolan “Toý mekanynyň” binasynyň hem durkunyň täzelenjekdigini we öňküsi ýaly toýçulary kabul etjekdigini goşmak bolar. Seýilgähiň gapdalynda onlarça awtoulag üçin duralga gurlar.

Daşkentde Özbegistan bilen Türkmenistanyň dostlugynyň hatyrasyna açylan “Aşgabat” seýilgähiniň indi birnäçe ýyl bäri bardygyny-da aýtmalydyrys. Bu ajaýyp desganyň binagärliginde we bezeginde köplenç sekizburçly ýyldyz we Türkmenistanyň esasy nyşany bolan Ahalteke atynyň şekili ulanylýar, tomaşa zally üsti ýapyk amfiteatr bolsa ganat ýaýan laçyny ýatladýar – Aşgabadyň täze howa menziliniň kiçeldilen takyk görnüşi.

Seýilgäh paýtagtyň ilatynyň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedir. Bu ýerde ýurtdaky iň beýik synlama çarhy we ýeke-täk delfin ýatagy bar; konsertler we baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Seýilgähiň çäginde boýdan-başa gül ýataklary we gök aýmançalar, oturgyçlardyr häzirki zaman sungat heýkelleri, mysal üçin ullakan küştli meýdança goýlupdyr. Güýmenje ýerleri islendik ýaş üçin: körpeler üçin kiçijek otludan başlap, ulular üçin amerikan depelerine çenli gurlan. 60 sany attraksion we oýun awtomatly zolak bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň