Dimaş Türkmenistandan salam ýollady

13:5407.08.2021
0
40704

Dimaş lakamy bilen meşhurlyk gazananan gazagystanly aýdymçy Dinmuhammet Kudaýbergen «Instagramdaky» şahsy hasabynda Türkmenistanda düşen suratyny we ýazgy paýlaşdy.

Suratda ol milli lybasly türkmen gyzlary bilen şöhlelendirilýär.

Ugurdaş ýazgyda bolsa: «Hello from Turkmenistan» («Türkmenistandan salam!») diýen sözler bar.

Ýeri gelende aýtsak, Dimaşy «Instagramda» 3,5 million adam yzarlaýar.

Meşhur aýdymçynyň 6-njy awgustda Awazada geçirilen gala-konsertde çykyş edendigini ýatadýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň