Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Türkmenbaşy şäherine ugradylar

18:1705.08.2021
0
11831

5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

Milli Liderimiz ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soň, bu ýere ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylady.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary Aşgabadyň Halkara howa menziliniň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen zalyna bardylar. Bu ýerde iki dostlukly ýurduň Prezidentleriniň çaý başynda söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda ösüşiň täze derejesine çykan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň meseleleri, düýn paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda bolan gepleşikler üstünlikli geçdi. Onda iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyk derejede ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Gol çekilen resminamalar toplumy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde geçirilen gepleşiklerde söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, ýükleri we ýolagçylary üstaşyr geçirmek, gurluşyk, oba we suw hojalygy, ýaşlar syýasaty, syýahatçylyk, medeniýet we sungat ýaly ugurlar, iki ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz täjik kärdeşini uçara münmäge çagyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Arkadag Prezidentimiziň uçarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna we beýleki halkara ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna tarap ugradylar.

Howa giňişligine aralaşan uçarda iki dostlukly döwletiň Prezidentleriniň özara söhbetdeşligi dowam etdi. Söhbetdeşligiň barşynda täze taryhy eýýamda iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz we belent mertebeli myhman gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler.

Özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäklerinde iki döwletiň sebitleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen, welaýatlaryň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň ähmiýetine garaldy.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasy kabul edildi we Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda raýatlaryň özara saparlary hakynda Ylalaşyga üýtgetmeler girizmek hakyndaky Teswirnama gol çekildi. Munuň özi iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň degişli düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge giň ýol açar diýip, iki ýurduň Liderleri geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.

Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça geçirilýän halkara çäreleriň ähmiýeti bellenildi we bu forumlaryň, halkara sergileriň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmak, özara bähbitli esasda ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanlary mähirli garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawy üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň