Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

21:3402.08.2021
0
6156
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanda saparda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistana resmi sapar bilen geler we Awazada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. Bu barada Sputnik habarlar gullugy özbek Lideriniň metbugat sekretaryna salgylanyp habar berýär.

Awaza duşuşygynyň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň üçünji duşuşygy bolar. Geçen, 2020-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçirilmegi meýilleşdirilen üçünji duşuşyk koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla geçirilipdi. 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw maslahatyny geçirmegi teklip etdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy 2018-nji ýylda Nur-Soltanda, ikinjisi 2019-njy ýylda Daşkentde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň