Arhiw

TDHÇMB-de geçen hepde-de ABŞ-nyň 3,1 million dollary möçberinde geleşikler baglaşyldy

22:1501.08.2021
0
2586
TDHÇMB-de geçen hepde-de ABŞ-nyň 3,1 million dollary möçberinde geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Kipriň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň işewürlerine tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri ýerlenildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 123 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 4 million 635 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň