Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýedäki tokaý ýangynlary zerarly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana gynanç bildirdi

23:1831.07.2021
0
4888

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň birnäçe sebitinde adma pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren pajygaly tokaý ýangynlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Mälim bolşy ýaly, birnäçe günden bäri Türkiýe Respublikasynyň birnäçe sebitinde, hususan-da, Antalya, Adana, Mersin,Mugla, Osmaniye we Kaýseri ýaly welaýatlarynda tokaý ýangynlary dowam edýär.

Türkiýäniň Prezidenti hem bu zolakda bolup, tokaý ýangynlary zerarly zyýan çeken welaýatlara ilkibaşda 50 million türk lirasy (6 million dollar) möçberinde gyssagly kömegiň beriljekdigini belledi.

Ärdogan bu zolakda geçiren metbugat ýygnagynda ejir çekenlere döwlet tarapyndan kömek beriljekdigini, zyýanyň öweziniň dolduruljakdygyny, bir ýylyň içinde tebigy betbagtçylygyň bolan ýerleriniň täzeden dikeldiljekdigini, ýanan ýaşaýyş jaýlarynyň täzeden guruljakdygy belledi.

Döwlet tarapyndan zyýan çeken maldarçylyk fermalarynyň hem-de ýyladyşhanalaryň öwezleri doldurylar.

Häzirki wagtda tokan ýangynlarynyň köp böleginiň gözegçilik astyna alnandygy, Türkiýe Respiblikasyna Russiýadan, Ukrainadan, Azerbaýjandan hem-de Eýrandan ýangyn söndürmek maksatly uçarlaryň iberilendigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň