Soňky habarlar

Arhiw

BeletFilm onlaýn kinoteatrynda täze filmleriň, multfilmleriň we seriallaryň sany artdy

12:0530.07.2021
0
14549

BeletFilm onlaýn kinoteatrynyň gory täze filmler, multfilmler we seriallar bilen baýlaşdyrylýar.

Häzirki wagtda BeletFilmiň media gorunda 10 müňden gowrak faýllar saklanýar. Olaryň arasynda «Черная вдова, «Ограбление по-джентльменски», «Гнев человеческий», «Заложники на Марсе», «Тихое место-2» ýaly kino önümçiliginiň täze filmleri bar. Serial söýüji tomaşaçylare bolsa onlaýn kinoteatrynda «Восход Османской империи», «Люпен» we beýlekiler hödürlenilýär. Şeýle hem türk seriallaryndan «Başbelasi», «Kazaraaşk» hem beýlekiler tomaşaçylaryň söýgüli seriallaryň hataryna girýär.

Onlaýn kinoteatrynda «Камеди Клаб», «Игры разума», «Однажды в России», «Где логика?», «Что было дальше?», «Золотая лихорадка» ýaly meşhur TW-şou gepleşiklerine hem tomaşa etmek bolýar. Täze multfilmleriň hatarynda bolsa «Босс-молокосос-2», «Охотники на троллей», «22 против земли», «Душа», «Райя», «Айбо» we beýlekiler bar.

Mundan başga-da saýtyň apgreýdi geçirilip, bezegi täzelendi hem-de gözleg we beýleki birnäçe funksiýalar girizildi.

Häzirki wagtda Beletfilmiň web görnüşi diňe «Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň müşderilerine elýeterlidir. Ýakyn wagtda bu hyzmatyň AGTS kärhanasynyň müşderilerine elýeterligini gazanmak hem-de filmleriň görkeziliş hiliniň HD, FULL HD ýaly ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen işler alnyp barylýar.

BeletFilm – ýakynda «Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasy we «Jan Tehnologiýa» hojalyk jemgyýeti tarapyndan elýeterli edilen hyzmatdyr. «Jan Tehnologiýa» hojalyk jemgyýeti filmleriň, seriallaryň we multfilmleriň onlaýn kinoteatryny özünde jemleýär.

Bu hyzmat Android we iOS, şeýle-de web görnüşinde elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň