27-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol türkmen Liderine ynanç hatyny gowşurdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, taraplaryň ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Diplomat tutuş dünýäde bolşy ýaly, Saud Arabystanynda hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandyklaryny nygtady. Şol syýasat bolsa, tutuş Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.
Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasyna hem-de Mirasdüşer Şazadasyna özleri üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny aýtdy. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.