Lebap welaýatynyň «Mizemez Gadam» hususy kärhanasy izolýasiýa gurluşyk serişdelerini eksport edijä öwrüldi. Kärhanada ugurdaş edaralaryň aýratyn isleg bildirýän rulon görnüşli suw geçirmeýän «izogam» üçek örtügi serişdesiniň, bitum sakgyjynyň, bitum emulsiýasynyň, gury gurluşyk laýynyň önümçiligini özleşdirdiler. Bu kärhana GDA ýurtlaryna we Owganystana ugratmak üçin dürli görnüşli bitum membranalaryny hödürleýär. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.
«Mizemez Gadam» 1994-nji ýyldan bäri gurluşyk işleri bilen meşgullanýar. Şu döwürde ol kiçijek şereketden ýiti bazar bäsdeşligi şertlerinde islendik meseläni çözmäge taýyn bolan üstünlikli gurluşyk şereketine çenli uzak ýol geçdi. Desgalaryň gurluşygyna hemmetarapalýyn çemeleşmegi üpjün etmek üçin, şereketiň düzüminde birnäçe ýylyň dowamynda ähli zerur astbölümler we önümçilik meýdançalary maksatlaýyn döredildi.
Häzirki wagtda hem gurluşykçy, hem baş potratçy hökmünde çykyş edýän şereket müşderä dürli maksatly binalaryň gurluşygy, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak babatynda ähli hyzmatlary hödürleýär. Şäher gurluşygy çözgütlerinden we taslamadan başlap, desgalaryň ulanyşa berilmegine çenli ähli zerur işler doly amala aşyrylýar.
Adaty däl taslama we gurluşyk çözgütlerini tapmaga ukyply ussat hünärmenleri birleşdirýän «Mizemez Gadam» HK häzirki zaman serişdeleridir tehnologiýalaryny ulanmaga gönükdirilendir.
Işleriň ähli görnüşlerini öz güýjüň bilen ýerine ýetirmek gurluşygyň ýokary sazlaşyklylygyny we hilini gazanmaga mümkinçilik berýär. Şerekete her ýyl bir milliona golaý adamyň dynç alýan Awaza dynç alyş we syýahatçylyk zolagynda 3000 orunlyk awtoulag duralgasyny gurmak ynanyldy. Gurluşykçylar Garabekewülde 624 orunlyk mekdep gurdular.
Häzir kärhananyň gurluşyk serişdelerini, enjamlaryny we gurallaryny saklamak üçin öz ammary, tehnologik iş bökdençligini aradan aýyrýan we ýerine ýetirilen ýokary hilli işiň esasyny düzýän önümçilik gory bar.
Birnäçe ýyl mundan öň telekeçiler rulon görnüşli suw geçirmeýän üçek örtügini, sakgyjy we gury gurluşyk laýyny öndürýän täze zawody işe girizdiler. Zawodyň meýilleşdirilen önümçilik kuwwaty aýda azyndan 5 tonnadyr. Zawodyň aýratynlyklary şulardan ybaratdyr: ýokary derejede awtomatlaşdyrylan, hiliň durnuklylygy, uly önüm dürlüligi, enjamlary täze önüm görnüşlerini çykarmak üçin çalt üýtgetmegiň mümkinligi.
Häzir «Mizemez Gadam» kärhanasy Türkmenistanda rulon görnüşli suw izolýasiýa önümçiliginde öňdebaryjydyr. Hem içerki gurluşyk şereketleri, hem-de Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda işleýän daşary ýurt şereketleri bu şereketiň önümlerini sarp edijilerdir.