Türkmenistandan alnyp gidilýän kagyz galyndylary we taýýar çap edilýän önümler üçin gümrük paçlary bellenildi

22:4223.07.2021
0
3696

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna «Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer milletiň Lideriniň hususy ulgama goldaw bermeginiň netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň geriminiň giňelýändigini aýtdy.

Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny çig mal bilen üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlary özümizde öndürmek maksady bilen, degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideriniň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özümizde öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň söwda toplumynyň möhüm wezipesidigini belledi we ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetde onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek boýunça görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere gümrük paçlaryny bellemek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu resminamany durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylarynyň hem-de taýýar çap edilýän önümleriň degişli möçberde gümrük paçlary bellenildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan herekete girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň